yarın yokmuş gibi #kinosyn #kinematografiýa

Ýarym sagatdan dört seria
tuba büyüküstün öňem halaýan aktrisamdy. Bir otagda düşürilen kinolara girýär öýdýän. gürrüňleri gyzykly, akyjy


twittere sesli twit atmak #sosiýal tor

17.06.2020-de twitterda başlan täze mümkinçilik. Ýöne entek Jack-iň sesinä eşitmedik (:


phd #Ýokary okuw

baryňyz jahyl


red light street #sungat

Estetika bilen özlerini heýkel ýaly eden zenanlaryň, bedenlerini sergiläp satuwa çykarýan ýeri. Aýnany kakyp, barmagy bilen gel, gel diýmesini gören oba oglanynyň ýüregi sandyraberýär. Nirede gören zady. *aslynda district, ýöne esasy street’däkiler heýkel ýaly


imo #sosiýal tor

iň biderek app'ler diýip list çykarsalar şoňada girmez.
şolar ýaly zaýa app
srt:itiň spisogynda ady ýok


kürtük #aşhana

Köne türkmen naharlarynyň biri. Adaty belke ýa-da gaýyşdan ýekeje tapawudy jöwen undan edilen hamyrdan edilýän bolmagy. Ýöne hamyr jöwen undan edilenden soň,ony oklaw bilen ýaýmak juda kyn bolýan eken, şol sebäpden hamyry ýaýyp oturman el bilen kiçi böleklere bölüp, et gaýnan çorba ataýmaly. Tagamy o diýen bir üýtgeşik zat däl. Emma türkmenler jöwen unuň saglyga peýdaly tarapynyň barlygyna ynanýany üçin kürtük, zagara ýygy-ýygydan bişirip durýar.


akwelsapar #tupizm

-Dünýäde diňe özi we arkadag ýaşaýandyr öýdýän žurnalistimsigiräk şahsyýet.

-Youtubeda türkmençe täze ýigrenç we sögünç sözler döredip, twitterä gelibem "illeşler blät diýip ýazmasaňyz menem size like goýjak" diýip suwjyrawam ýördi.

-Nyýazowyň wagtynda "alan aldyňky" döwründe birgiden köp pullar bilen ýewropa aşan ilkinji parlak zehinlerden


babajan #türkmenistan

Entek ýurdymyzda internet ýok diýen ýaly wagty, youtubda türkmen prikol diýseň şu ýaşuly çykýardy. Şol wideonuň aktýorlary bu wagt näme etýärkä


macos big sur #tehnologiýa

mac oslaryň 11-njisi catalinadan soň ýenede kaliforniýanyň töwereklerinden bir ýeriň ady. Birem ýyl UI-y azajyk hem bolsa üýtgedipdirler


linux maslaty #kömek

windows-dan ýadadym we linux ulanyp görmekçi. maslahat berýäňizmi? haýsyndan başlasam gowy bolar?


banýada ala-mula balak bar #durmuş

Nesilleriň arasyndaky dartgynly ýagdaýy görkezýän sözlem. Şahyr bu ýerde täze nesiliň geýim-gejimine nägilelik bildirýär we banýada özüniň balagy bardygyny islese şony berip biljekdigini aýtýar.
link
ala-mula balak


valorant #oýun

counter strike’a meňzeş oýun. tapawudy supergüýçler bilen bezelen we has biraz reňkli. pubg’den soňky favorite.


abdrhm #agzalar

the gentelmen #kinematografiýa

guy ritchie'iň başka şedewry. baş rollarda a:tlary owadan 1 giden aktyorlar.
görüň & görkeziň. ---'spoiler'---bir birine blackmail bn sokjak bolyan mafyarak kino. iň sonynda the man from uncle kinoň posterini gorensinizdir diýip umyt edýän. ---'spoiler'---
başgada ep eslije gowy kinolary bar ýaşulyň.
srt:alladin
srt:snatchsrt:

--!hemmesini oka!--


covid-19 #saglyk

“türkmenistandan viza alyp bilmedik virus”