mount & blade II: bannerlord
30-nji mart 2020-de çykan täze oýun. hem strategiýa hem rpg halaýanlar üçin elýetmez hazyna, diyyaler
11.04.2020 türkde daşary çykmagyň gadan edilmegi
şu gün 11.04.2020 gijäň ýaryndan başlap daşaryk çykmak gadagan edildi. muny eşiden halk daşary ulgady
e.gov.tm
türkmenistanyň elektron döwlet hyzmatlary üçin ýasan saýdy. şuwagtlykça 13 hyzmat hödürleýär.
link
tiziano ferro
2010-nji ýylda "perdono" aýdymyny diňläp ýat tutupdym. Klibi hem üýtgeşijek. Tiziano Ferro - Perdono
buluç
"Türkmenistanda ýaşaýan buluçlar Owganystanyň Sistan we Päkistanyň Beluçistan welaýatlaryndan 19-njy asyrda bolup geçen gurakçylyk sebäpli Türkmenistanyň Mary welaýatyna göçüp gelýärler we Murgap derýasynyň ýakalarynda ýer tutýarlar. Baýramaly, Türkmengala we Ýolöten etr. Olaryň esasy bölegi 1923–1928 ýyllary aralygynda göçüp gelipdirler. 1917–1920 ýyllaryndaky Türkmenistan baradaky raportda şol döwürlerde Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda 936 buluç barlygy aýdylyp geçilipdir."
"Gynansakda...
babajan
Entek ýurdymyzda internet ýok diýen ýaly wagty, youtubda türkmen prikol diýseň şu ýaşuly çykýardy. Şol wideonuň aktýorlary bu wagt näme etýärkä
macos big sur
mac oslaryň 11-njisi catalinadan soň ýenede kaliforniýanyň töwereklerinden bir ýeriň ady. Birem ýyl UI-y azajyk hem bolsa üýtgedipdirler
rişad şafiýew
Gadyry bilinmedik türkmen şahsyýetlerden biri. Kompozitor, deprekçi. Güneş Ansambylyň gurnaýjysy, Gasan Mammedow, Hakgyş ýaly ençeme sazandanyň halypasy youtube
youtub...
11 aprel 1972 türkmenistanda atom bombasynyň ýarylmagy
1972-nji ýylyň 11-nji aprelinde şuwagtky tagtabazaryň ýakynlarynda daň bilen sagat 06:00-da ýanyp duran gaz ýatagyny söndürmek üçin 1720 metr astynda 15 kilotonnalyk atom bombasy partladylyp gaz ýatagyny guma gömüpdirler. Hiroşimada ýarylan bomba hem 15 kt eken. Çeşme: 1 --!hemmesini oka!--
banýada ala-mula balak bar
Nesilleriň arasyndaky dartgynly ýagdaýy görkezýän sözlem. Şahyr bu ýerde täze nesiliň geýim-gejimine nägilelik bildirýär we banýada özüniň balagy bardygyny islese şony berip biljekdigini aýtýar.
link
ala-mula balak
laravel-livewire
full-stack developerler üçin gaty peýdaly framework. laravel bilen bile işleýär we ýekeje setir javascript kod ýazman javascript kod ýazýaň https://laravel-livewire.com/
soragjogap.com
Eýesi tarapyndan ýasalyp ýatdan çykarylan forum. Agza bolmak üçin ençeme gezek registrasiýa boldym. 1 gezek hem epoçta ugratdym menem alaýyň diýip. soragjogap.com
calafiori
EURO 2024de italýanlaryň goragçylarynyň biri, owadan ady bar
--
Uzyn saçly italýan goragçy diýilse menem birzatlara hantama boldym
brigada (serial)
2002-nji ýylda çykan 15 seriýaly serial. 1989-2000-nji ýyllar arasynda 4 ýaş oglanyň moskwanyň iň uly galtamanlaryna öwrülşini görkezýär. Şuny görüp şol döwürlerde SNGGDA ýurtlarynyň ýagdaýyny göz öňüňe getirmek hem mümkin. surat
brat(1997)
Şol döwrüň peterburgynda danila bagrowyň başyndan geçenleri görkezýär. Kinony diňe Sergeý Bodrow we Wiktor Suhorukow üçin hem görse boljak. Birem kinonyň sazlary we aýdymlary gowy saýlanypdyr. 2-njisini hem hökman görmeli me...
semzek
Portulaca oleracea - türk dilinde "semizotu", "pirpirim" diýilýär. Gök-önümleriň arasynda omega-3 taýdan iň baý ösümlik, oba ýerlerinde ysmanak ýaly iýilýär. Başga ýurtlarda salatlarda çyg hem ulanylýar.
süýji nahar bişirmegiň syrlary
1. et hiç gaýnadylmaly däl, gowurmaly buglamaly, kakatmaly çorba üçin süňk ulanylmaly
2. sogan gaýnadyljak dada buglanjak bolsa gözden ýitjek derejede maýda dogranmaly
3. tomat ulanyljak bolsa hökman bişirilmeli, bolmasa pomidor ulanylmaly
anakom
sssr dargan badyna 1991-nji ýylda anatoliy adynda aziýa döwletlerinde diplomat bolup işlän kişiniň guran kärhanasy.
pişikleriň samsyk hereketleri
azajyk bile oýnaýaň welin jyzyp çynyna gidip dyrnap başlaýar. käwagt hem ýatyrkaň üstüňe böküp azajyk dişläp gaçýar haramzada.
linkedinden iş gözlemek
haramzada iç ýakgynç firmanyň biri meniň tabşyran işime ýok diýmek üçin bazar güni internede giripdir şuwagt poçta geldi
gepçi gül
Ice Plant” ýada “Aptenia Cordifolia”nyň başgaça ady. Ýanyna näçe köp gep edilse şonça çalt ulalýarmyş.
"baku" kondisýoner zawody
SSSR 1970lerde kondisýoner zawod gurnamak üçin ilki Taşkenti saýlaýar yssy ýurt diýip, ýöne haýdar alyýew, brezhnewi zawody Taşkent ýerine Baku gurmana yrýar. Şeýdip hem sssrde ilkinji kondisýoner fabrikasynyň gurluşygy 1973de başlaýar --!hemmesini oka!--
şagal taşşak
Esli wagtdan bäri ylmy adyny bilmänim üçin tapyp bilmedik ösümligimi tötänleýin tapdym. Bizde “Şagal taşşak” diýilýär. Türkler “Çeti”, ylmy ady bolsa “Prosopis Farcta”. surat
Boýy maksimum 100sm çenli ösýär yöne köki 20m çuňluga çenli ýetýär. Şonuň üçinem aslynda agaç kategoriýasyna girýar.
bayramgeldi
saýdyň çykdaýjysyny azaltmak üçin içeri işlerinden şolaryň serwerlaryny ulanmaga teklip garaşýan
gepeçeper ulanyjy gollanmasy
1. Elmydama kiçi harplar bilen ýazylmaly.
2. Tema açmankaň ilki bilen öňkileriň arasyndan gözlemeli. Şol bir temalar gaýtalanmaz ýaly
3. Temanyň adyny saýlamazdan ozal köp pikir etmeli. Ýazylansoň temanyň adyny üýtgetmäne rugsat berilmeýär
4. Eger ýazan temaňyzda ýada entryňyzda üýtgetmeler girizen bolsaňyz. Hökmany ýagdaýda "*düzeltme:" belligi bilen nämäniň üýtgedilendigini gysagaça beýan etmeli
şu gollanma täze maddalar goşmak üçin maslahatyňyza garaşýarys...
xx asyryň ikinji ýarymynyň türkmen sungatynyň altyn döwri bolmagy
Barybir hem türkmeniň modern sungaty 100 ýyllyk. Onuňam 80 ýyly 20-nji asyra gabat gelýär. Bu ýagdaý geň däl
ertir.com
galkan kaka we şammy şum diýip iki sany akkaunt bardy. Gök obanyň oglanlary bilen köp uruş etdik
gepeceper.com
upvote/downvote we favorite asynchronous boldy indi bu iş üçin https://laravel-livewire.com/ ulandym
gepeceper.com
indiden beýläk çep tarapky sütünde gyzykly, täzeje, halanan, gyzgyn ýaly sortirowka dügmejikleri bar
biriniň içini ýakmak üçin edilýän hereketler
Taýmaz diýip bir klasdaşymyz bardy. Hyň-hyň edip gaharyny getirýärdik.
shad ovez
"Ynan" aýdymy bilen tanalan bagşy. Aýdymyň klibi bilen özi çapyşsa haýsynyň ýeňjegi belli däl
stackoverflow
Programmistler iňlis dilini bilmeli diýilmeginiň sebäbi şu saýt. Gözleýän zadyňy bilseň guşuň süýdini hem tapyp bolýar
Türkleriň "hiç birşey begenmeme timi" eksisozluk.comda toplanypdyr. Biziňkiler bolsa twitterda. Hiçbiriniň hiçzada göwni ýetenok. Biri men ak diýýär welin gara has gowy diýýär. Biri men maşyn münýän diýse, samolýot almaly ekeniň diýýär
messi
dünýäde ýaşaýanlar we ýaşap geçenleriň arasyndaky iň ökde futbolçy. Gitmek isledi yöne komandasy ugratmady
the gentelmen
Ýokarky listowkada srt:lock, stock and two smoking barrels ýatdan çykarylypdyr. Ýatdan çykarmaly däl şeýle kinolary
"cool" hereketler
Ýolda telefonyň daşyndan açyp aýdym diňlemek. hökmän eliň tutup sesi gaty çykar ýaly etmeli
the boys
Sezon finaly hem dyndy A-Train öler öýtýädim welin Nuemanny ikä böldüler
Ashley nämä öwrüldi şony bilesim gelýär birem