kürtük #aşhana

Köne türkmen naharlarynyň biri. Adaty belke ýa-da gaýyşdan ýekeje tapawudy jöwen undan edilen hamyrdan edilýän bolmagy. Ýöne hamyr jöwen undan edilenden soň,ony oklaw bilen ýaýmak juda kyn bolýan eken, şol sebäpden hamyry ýaýyp oturman el bilen kiçi böleklere bölüp, et gaýnan çorba ataýmaly. Tagamy o diýen bir üýtgeşik zat däl. Emma türkmenler jöwen unuň saglyga peýdaly tarapynyň barlygyna ynanýany üçin kürtük, zagara ýygy-ýygydan bişirip durýar.


dograma #aşhana

Toýlaryň, sadakalaryň, märekeleriň iň elit naharlarynyň biri. Köp mukdarda et gaýnan çorb:a atylmaly bolýany üçin,bu köplenç iri şahly mal/dowar soýlan halatynda menýuda töri eýeleýän nahar. Dograma hakynda juda ýalňyş bilinýän zatlaryň biri hem onda ulanyljak petiriň nähili bişirilendiginiň ähmiýeti ýokdur diýip hasap edilmegidir. Dograma hiç haçan hiç haçan ! algyn çörekden ýa-da süýde ýugrulan ýaglanan gatlakly petirden edilmeli däldir. Algyn çöre...

--!hemmesini oka!--


semzek #aşhana

Portulaca oleracea - türk dilinde "semizotu", "pirpirim" diýilýär. Gök-önümleriň arasynda omega-3 taýdan iň baý ösümlik, oba ýerlerinde ysmanak ýaly iýilýär. Başga ýurtlarda salatlarda çyg hem ulanylýar.


süýji nahar bişirmegiň syrlary #aşhana

1. et hiç gaýnadylmaly däl, gowurmaly buglamaly, kakatmaly çorba üçin süňk ulanylmaly
2. sogan gaýnadyljak dada buglanjak bolsa gözden ýitjek derejede maýda dogranmaly
3. tomat ulanyljak bolsa hökman bişirilmeli, bolmasa pomidor ulanylmaly


anakom #aşhana

sssr dargan badyna 1991-nji ýylda anatoliy adynda aziýa döwletlerinde diplomat bolup işlän kişiniň guran kärhanasy.