• 10
    • ·
    • 0
    • ·
    • 0
    • ·
    • 4 ýyl ozal
    • 11
    • ·
    • 0
    • ·
    • 0
    • ·
    • 4 ýyl ozal

  • 0
  • 1
  • 0

...


anthony hopkins

Dýawoly biriniň keşbinde göz öňüne getirmeli diýseler şuň keşbinde ýa-da hol hindi kinolardaky gözi ýeser ak saç adamyň keşbinde göz öňüne getirermikäm diýýän.


prison break

Michaeli öldürip gaýtadan direltmedik bolanlarynda normalny serial hökmünde gözüme girjekdi


kürtük

Köne türkmen naharlarynyň biri. Adaty belke ýa-da gaýyşdan ýekeje tapawudy jöwen undan edilen hamyrdan edilýän bolmagy. Ýöne hamyr jöwen undan edilenden soň,ony oklaw bilen ýaýmak juda kyn bolýan eken, şol sebäpden hamyry ýaýyp oturman el bilen kiçi böleklere bölüp, et gaýnan çorba ataýmaly. Tagamy o diýen bir üýtgeşik zat däl. Emma türkmenler jöwen unuň saglyga peýdaly tarapynyň barlygyna ynanýany üçin kürtük, zagara ýygy-ýygydan bişirip durýar.


dograma

Toýlaryň, sadakalaryň, märekeleriň iň elit naharlarynyň biri. Köp mukdarda et gaýnan çorb:a atylmaly bolýany üçin,bu köplenç iri şahly mal/dowar soýlan halatynda menýuda töri eýeleýän nahar. Dograma hakynda juda ýalňyş bilinýän zatlaryň biri hem onda ulanyljak petiriň nähili bişirilendiginiň ähmiýeti ýokdur diýip hasap edilmegidir. Dograma hiç haçan hiç haçan ! algyn çörekden ýa-da süýde ýugrulan ýaglanan gatlakly petirden edilmeli däldir. Algyn çöre...

--!hemmesini oka!--


halatgeçdi/ zatgeçdi

durmuşa çykýan gyzyň öýünde dogan-garyndaşlara, goňşy-golamlara göz edip magtanmak üçin geçirilýän milli sergi


naýyp

Naýyp -asyl manysy kömekçi, ýoldaş, ýaran diýmek. Emma bu sözi öýlenýän ýigidiň ýanyndaky "swidetel" dostuna derek hem ulansa bolýar. Iň irki ulanylan ýeri hökmünde "Gorkut ata" eposyny görkezip bolar, Baý Bugra ogly Bamsy Birek Banu Çeçege öýlenende ýanynda naýyby bolýar. Banu Çeçek Bamsy Birege gyzyl kaftan berýär. Şonda Bamsy Biregiň dostlarynyň gyzyl kaftana gözi gidýär. Onsoň Bamsy Birek gyzyl kaftanyny bir gün özi geýip, soň naýybyna berip, soňam ýeke-ýeke dostlaryna geçirip, hemmesi bil...

--!hemmesini oka!--


hugh laurie

karizma boýunça baýrak berilýän bolsa birinji şu aktýora berilmeli. Zehin bilen inçe ýumor garyşmasynyň çür depesinde, gaty ýiti sarkazmlary bilen ýatda galýan keşp. Dr.House obrazy özüne tüýs gelişýär. Emma näme üçindir karýerasyny başga standartlarda synap görmändigi düşnüksiz, serial we teleşowlardan daşary. Muzykantlyk edýändigi hakda bilenimden soň aýdymlaryndanam birnäçesini diňläp gördüm, diňlemezçe däl eken.



the room (2019)

kinonyň temasy birhili göni däl, aýlawly ýollar bilen adamzadyň gizlin basyrylgy ýatan islegleriniň üstünden barmak basýan ýaly geldi maňa, hatda käwagt öz-özüňe-de boýun almakdan gaçýan islegleriň. Azat bolmak islegi bilen jemgyýetiň tabulaşan düşünjeleri arasynda gysylyp galan biçäre ynsan keşbi, garaz kino näme üçindir Freudyň öňe sürýän basdyrylan islegler teoriýasyny ýada salýar. Kinoda baryýogy üç gahryman : eje, kaka we çaga. Azat bolmak üçin üçden birini pida etmeli, kinonyň motiwi şol a...

--!hemmesini oka!--



uniwersitet

ýere görä üýtgeýä , mysal üçin sowuk gyş günlerinde sagat 4-de özüňi dagyň çür depesine çykyp barýarkaň tapýan ýagdaýyň resmileşdirilen ady


twitter

iç sesiň samyrdamalarynyň harp görnüşine geçirilen ýeri


Iwan meniň sadyk gulum

Ýazykly sen, özüňden gör
Git-de, Iwana habar ber


imo maşgala grupbasynda dini videolar ugradýan daýy

"şuny 9 adama ibermeseň 9 günde 9 sagat 99 minutda 9 betbagtçylyga uçrarsyň kelläňe 999 daş gaçar" diýip şantaž edýänçäler çydasa boljak


keira knightley

Iň oňmadyk kinosyny men aýdaýyn London Boulevard 2010 , gaty şowsuz, Colin Farrell üçinem şeýle. Kinoň boşlugyndanam beter meni Keiranyň hiç aktýorlyk edip görmedik ýaly emelsizligi geň galdyrdy. Keira Knightleyiň keşbi öte näzik edähetler we owadan lybaslar bilen bezelen orta asyrlar aristokrat gatlagynyň durmuşyny suratlandyrýan kinolara gelişýär.


dilimizde iň köp ýalňyşylýan sözler

iň köp ýalňyşylýan söze baş baýrak berjek bolsaňyz şu söze=> "intäk"- baýrak beriň, dogry ýazylan ýerini görmedim


dilimizde iň köp ýalňyşylýan sözler

hä birem " çyg" bilen "çig" tapawudyny bilmän ýerini çalşyp ulanyp ýörenler kän. Çyg -ö:l diýmekdir adamlar, ýagny suw degen, yzgar.
Çig- bişmedik diýmek, ham.


babajan

uspokaýewuýuşiý ýürek dermanlary üçin reklama çykararlyk ýaşuly



knives out

detektiw kinolara mahsus halam welin şol bir zat gaýtalanýar, tipo sherlock holmes intrigasy , jenaýatkär hiç şübhelenmedik kişiňiz diýip tomaşaçyny güýmeýär, güýmeýär,iň soňunda-da seň ozaldanam predict edip bilip oturan zadyñy sürpriz ýaly edip orta çykarýar, kino umuman alanda gowşak ýöne ýaşogyň kofe içýän bokalyny haladym


sakarçäge

off topic Gözeliñ familiýasynyň özüne görä jüpüne düşäýşini diýsene