naýyp #diller
Naýyp -asyl manysy kömekçi, ýoldaş, ýaran diýmek. Emma bu sözi öýlenýän ýigidiň ýanyndaky "swidetel" dostuna derek hem ulansa bolýar. Iň irki ulanylan ýeri hökmünde "Gorkut ata" eposyny görkezip bolar, Baý Bugra ogly Bamsy Birek Banu Çeçege öýlenende ýanynda naýyby bolýar. Banu Çeçek Bamsy Birege gyzyl kaftan berýär. Şonda Bamsy Biregiň dostlarynyň gyzyl kaftana gözi gidýär. Onsoň Bamsy Birek gyzyl kaftanyny bir gün özi geýip, soň naýybyna berip, soňam ýeke-ýeke dostlaryna geçirip, hemmesi bilelikde bir kaftany gezekleşip geýýärler. Bu adat häzirki wagtda gyzyň joralaryna buket zyňmak/geçirmek şekilinde dowam edýän bolaýmasa.