keira knightley #kinematografiýa
hem sempatik hem owadan, şeýle bir ýylgyryşy bar baýbooo.... ýöne oýunçy bolmak üçin ýüzünde ýeterlik derejede mimikasy ýok. şonda-da “begin again” erbedem bolmandyr. emma halta-halta like’y “pride and prejudice”-da aldy menden. iňlisçe aksentinem ýatdan çykarmaly däl, diňledikçe diňläsiň gelýä
Iň oňmadyk kinosyny men aýdaýyn London Boulevard 2010 , gaty şowsuz, Colin Farrell üçinem şeýle. Kinoň boşlugyndanam beter meni Keiranyň hiç aktýorlyk edip görmedik ýaly emelsizligi geň galdyrdy. Keira Knightleyiň keşbi öte näzik edähetler we owadan lybaslar bilen bezelen orta asyrlar aristokrat gatlagynyň durmuşyny suratlandyrýan kinolara gelişýär.
aýal dogany srt:natalie portman
Elhepus. Çarhypelegin çarhy menin elimde bolsady, zamana we mekana tabynsyz, dayym 20 yaşynda yaşadardym
ýüzüniň ýarysy göz. ýöne o bakyşlar..... o bakyşlar bilen afrikany doýuryp, amerikany musluman edip, türkdäki türkmenleri yzyna getirip bolýar. gaty siňe seredişi bar. janyçka