the room (2019) #kinematografiýa

kinonyň temasy birhili göni däl, aýlawly ýollar bilen adamzadyň gizlin basyrylgy ýatan islegleriniň üstünden barmak basýan ýaly geldi maňa, hatda käwagt öz-özüňe-de boýun almakdan gaçýan islegleriň. Azat bolmak islegi bilen jemgyýetiň tabulaşan düşünjeleri arasynda gysylyp galan biçäre ynsan keşbi, garaz kino näme üçindir Freudyň öňe sürýän basdyrylan islegler teoriýasyny ýada salýar. Kinoda baryýogy üç gahryman : eje, kaka we çaga. Azat bolmak üçin üçden birini pida etmeli, kinonyň motiwi şol alynjak karary yzarlamak bilen dowam edýär. Adybir şuňa meňzeş kinolar owalam bardy, emma Room 2015 içinde tapawutlanýany.



adam pahyr oscar alanson, gowy görüläýjek ýaly welin, şuna nemäň nemesine nemetýäler. srt:brie larson
hää o room (2015) eken, sorry.
çykaýynmy men?