halatgeçdi/ zatgeçdi #däp dessurlar
durmuşa çykýan gyzyň öýünde dogan-garyndaşlara, goňşy-golamlara göz edip magtanmak üçin geçirilýän milli sergi
tuğçe kandemir #sungat
mollim boljak wagty ýalňyşyp aýdymçy bolupdyr.
srt:bu benim öyküm ýaly 4-5 aýlap halky iç agyry eden aýdymlara gol çeken 1994nji ýylda dogulan gyz.
my favourite one is : link
düzletme: link
e.gov.tm #tehnologiýa
türkmenistanyň elektron döwlet hyzmatlary üçin ýasan saýdy. şuwagtlykça 13 hyzmat hödürleýär.
link
banýada ala-mula balak bar #durmuş
Nesilleriň arasyndaky dartgynly ýagdaýy görkezýän sözlem. Şahyr bu ýerde täze nesiliň geýim-gejimine nägilelik bildirýär we banýada özüniň balagy bardygyny islese şony berip biljekdigini aýtýar.
link
ala-mula balak
pişikleriň samsyk hereketleri #tupizm
azajyk bile oýnaýaň welin jyzyp çynyna gidip dyrnap başlaýar. käwagt hem ýatyrkaň üstüňe böküp azajyk dişläp gaçýar haramzada.
calafiori #sport
EURO 2024de italýanlaryň goragçylarynyň biri, owadan ady bar
--
Uzyn saçly italýan goragçy diýilse menem birzatlara hantama boldym
magne b6 #derman #saglyk
hiperaktif çagalara berilýän derman diýip ýördüm welin göwreliler hem-de stresdakiler içýän ekeni.
meret orazov #türkmenistan
Türkmenitanyň ABŞ-daky srt:amerika ilçisi. Rowaýata görä phd derejesi hem bar eken. tasa simpozium 2020 çykyşynda "Twitter-da Resmi hasap açmagy planlaýaňyzmy?" diýip soralyň :))
the help #kinematografiýa
2011-nji ýylda düşürülen hollywood kinosy. Garalaryň aklara hyzmat edýän günlerini gürrüň berýär.
we elbetde merhemetli, biziňň garalarda tapawudymyz ýok diýýän baş gahryman emma stone.
And the Oscar for best actress for supporting role goeees tooo viola davis
duzeltme: octavia spence...
näme üçin gepeçeper #sosiýal tor
Belli temalardaky maglumatlary we halkyň pikirlerini bir ýere jemlemek üçin gowy platforma. Twitterden tapawudy bu ýerde mowzuklar hasaplardan hem has öňe çykýamyka diýýän.