gözýetimiňi giňeldýäň maglumatlar #gündelik
köp adamyň bilmeýän we öwrenilensoň unudylmajak maglumatlar.
linux maslaty #kömek
windows-dan ýadadym we linux ulanyp görmekçi. maslahat berýäňizmi? haýsyndan başlasam gowy bolar?
the gentelmen #kinematografiýa
guy ritchie'iň başka şedewry. baş rollarda a:tlary owadan 1 giden aktyorlar.
görüň & görkeziň. ---'spoiler'---bir birine blackmail bn sokjak bolyan mafyarak kino. iň sonynda the man from uncle kinoň posterini gorensinizdir diýip umyt edýän. ---'spoiler'---
başgada ep eslije gowy kinolary bar ýaşulyň.
srt:alladin
srt:snatchsrt:
näme üçin gepeçeper #sosiýal tor
Belli temalardaky maglumatlary we halkyň pikirlerini bir ýere jemlemek üçin gowy platforma. Twitterden tapawudy bu ýerde mowzuklar hasaplardan hem has öňe çykýamyka diýýän.
shad ovez #sungat
tansowalny aýdym çykarmasa aç galjagyna entek göz ýetirmedik talant.
*düzeltme: kategoriýa düzeldildi
zoom.us #sosiýal tor
2020'iň gytlygynda köp ýurdyň online sapak geçmek üçin ulanan web saýdy.
pulsyz 40 minut pully bezlimit. öňki soňky gazanmadygyny gazandylar.
theory: Korona wirusam şular ýaýradan bolup biler. eklenç üçin adam pahyryň etmejek zady ýok :D
srt:skype
elite #kinematografiýa
netflixiň seriýaly bulam. 3 sany garypja çaga mekdep binalary ýykylany üçin b:aý çagalaryň okaýan mekdebine girýälar we wakalar başlaýar. elbetde garyplary halaýan baýlar we baýlar bn dost bolmak isleýän garyplar.
*Baý diýende biziňklier ýaly kalýan,maşyn açar, dollar we sagatly elleriniň suratyny paýlaşýan baýlardan däl.
Başka ýurtdan legal bäbek satyp alyp bilýän baýlardan.
**gaty biderek ýeri kän, bizin edebimiz ýetenok diýersiňiz siz we...
ready or not #kinematografiýa
bosh wagtnyzda gormek ucin gowy kino.
---'spoiler'---baý maşgala täze gelen her giýew ýada gelin bilen oýun oýnalýar. şol gije oýundan diri çykyp bilseler onda şol baý maşgalanyň agzasy bolmana hukuk gazanýarlar.
meň düşünmedik ýerim, eger täze gelenleri öldürmeseler maşgala agzalarynyň özleri ölýän bolsa, grace'den öň gelen agzalarda 2 kişi näme üçin ölmediler?
---'spoiler'---
11 aprel 1972 türkmenistanda atom bombasynyň ýarylmagy #taryh
1972-nji ýylyň 11-nji aprelinde şuwagtky tagtabazaryň ýakynlarynda daň bilen sagat 06:00-da ýanyp duran gaz ýatagyny söndürmek üçin 1720 metr astynda 15 kilotonnalyk atom bombasy partladylyp gaz ýatagyny guma gömüpdirler. Hiroşimada ýarylan bomba hem 15 kt eken. Çeşme: 1 --!hemmesini oka!--
brigada (serial) #kinematografiýa
2002-nji ýylda çykan 15 seriýaly serial. 1989-2000-nji ýyllar arasynda 4 ýaş oglanyň moskwanyň iň uly galtamanlaryna öwrülşini görkezýär. Şuny görüp şol döwürlerde SNGGDA ýurtlarynyň ýagdaýyny göz öňüňe getirmek hem mümkin. surat