watan ugrunda wepat boldy #türkmenistan
Harby gullukda her gün agşam ýatmazdan öňürti sanaw alynýar.
"Pylanyýew" diýilip familiýaň aýdylanynda "Men" diýip jogap bermeli. Egerde şol çasyň taryhynda watan ugrunda wepat bolan bar bolsa ilki şoň familýasy okalaýar. Guşgyň iň gündogar çasynda ozal Gowşudow diýilen esger owganlar tarapyndan atylyp ýogalan. Her gün agşamky barlag üçin nyzama duranymyzda komandir ilki "Gowşudow"-yň familýasyny tutardy. Bizem güri sesimiz bilen "WATAN UGRUNDA WEPAT BOLDY" diýip seslenerdik. Şol gerçegiň ady döwlet aýakda durdygyça şol çasyň sanawunda bolar. Her gün ideler, her günem ýatlanar. Watan ugrunda wepat bolanlaryň döwletiň binýadynda ýeri sarsylmaz.