ttm gyzlarynyň halkara ylmy olimpiadalardaky üstünlikleri #türkmenistan


Säbäbi gyzlara beýle mümkinçilik berilmedi.

6-njy synpdan başlap mekdeplerinde gyz-oglan aýrylyp okadyldy. Muňa mantyga ýakyn jogaplar berip bilerler. Emma gyzlar soňradan ylmy olimpiadalara gatnaşma saýlamalaryna goşulmady ýa-da olar üçin aýry olimpiad merkezi döredilmedi. Bu fakt ttm-larda gyzlara diskriminasiýa mysal bolup biler.

*düzeltme: bilermi?*

we muňa jogaby bolanlaryň jogabyna garaşylýar?


"hazirlik" diýilýän klasdan soň kellelileri synagdan geçirip Aşgabatda okadýardylar.. gyzlaram aýry okadylýardymy şeýle? sebäbi halkara olimpiatlara Aşgabatdaky kelleliler gatnaşýardy


Gaty gowy ýere barmak basdyňyz. Diýýän zatlaryňyz daşyndan göräýmäge dogry emma beýle däl. Meň bilýänim ýekeje gyzlar liseý bardy olam Aşgabatda. Birinjilik bilen, zenan maşgalany öz jogapkärçiligiňe almak hiç aňsat zat däl. Çykjak iň kiçi problema has uly ýerlere gidip bilýärdi.Belkem gyz liseýini açanlarynda hem öňlerine kän problema çykan bolmagy ahmal.
Gyzlar üçin aýratyn olimp merkezi ýok:
Olimp merkeziniň iň kämili Aşgabatdaky Turgut Özal ttm-dakydy. Beýleki ttm-lardan saýlap şol ýere getirýärdiler. Welaýatlardaky ýada beýleki ttm-laryň olimp merkezleri bardy ýöne T.Ö. ttm ýaly däldi. Bu ýagdaý, pul we mugallym ýetmezçiligini görkezýär.

Inni, gyz okuwçylary oglanlar bilen bir ýerde okadyp bolmazdy. Gyzlar üçin şeýle olimp merkez açmak üçin pul we olara gözegçilik etjek zenan mugallymlar gerekdi. Bilýänsiňiz, ol ýerdäki okuwçylar hem ýatymlyk hem-de dynç alyşda öýlerine gaýtman okaýardylar. Bular ýaly ýagdaýy gyzlar üçin gurnamak kyn boljakdy elbetde. Ene-atalar hem muňa rugsat bermezdi. Näçe ýyllaryň dowamynda mekdepler hemmeleriň hem ynamyna girdi we şondan soň gyzlar hem olimplere äkidilip başlandy has dogrusy ene-atalar rugsat berip başlady. Belkem ýagdaýlar öňki ýaly bolsady buwagt gyzlar üçin hem açylardy we açylyp başlanypdam.